S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti ýurdumyzyň takyk dersler çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen orta mekdepleriniň 10-11-nji synp okuwçylarynyň arasynda matematika we fizika boýunça II internet olimpiadany geçirer. "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiriniň habar bermegine görä, ýokary synp okuwçylarynyň arasynda matematika boýunça bäsleşik 16-njy aprelde, fizika boýunça 17-nji aprelde geçiriler. Olimpiadalaryň ikisine ýokary synp okuwçylaryň hersinden üç okuwçydan gatnaşyp biler. Olimpiada türkmen we rus dillerinde özbaşdak bäsleşikler görnüşde daş aralykdan geçiriler. Gatnaşýanlar üçin ýumuşlar şol dersler boýunça mekdep maksatnamasy göz öňünde tutulyp taýýarlanyldy. Ýumuşlary çözmäge 180 minut wagt berler. Ders bäsleşikleriň ýeňijileri guramaçy ýokary okuw mekdebiň I, II we III derejeli diplomlary hem-de medallary bilen sylaglanarlar. Olimpiadalarda çykyş etmek isleýänler 10-njy aprele çenli tm.tau.2022@gmail.com elektron salga okuwçylar hem-de olaryň ýolbaşçy mugallymlary barada maglumatlary ibermelidirler. Haýyşnamalary doldurmagyň nusgasy hem-de olimpiadalar barada giňişleýin maglumatlar S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň https://tohu.edu.tm/ saýtynda ýerleşdirildi. Habarlaşmak üçin telefon belgiler: +99312-342680, +99365633644.

Bilim, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir