Samsung korporasiýasy elektrikli ulaglar üçin batareýanyň täze görnüşini çykarmagy meýilleşdirýär. Bu barada The Register neşiri habar berdi. Awtoulag batareýalaryny işläp düzmek we öndürmek işi SDI bölümi tarapyndan amala aşyrylar. Kompaniýa 2027-nji ýyla çenli berk gurluşly batareýalaryň önümçiligine başlar. Batareýalaryň energiýa dykyzlygy litr üçin 900 watt sagat bolup, olar elektrik awtoulaglarynda ulanmaga niýetleniler. SDI gaty gurluşly batareýalaryň adaty litiý-ion batareýalaryna garanyňda, has ygtybarly we howpsuzdygyny belläp geçdi. Hususan-da, olar has uzak wagtlap energiýa tygşytlaýarlar we ownuk zeper ýeten ýagdaýynda ot almaýarlar. Samsung-yň bu bölümi dokuz minutda 80 göterim zarýad alyp bilýän we 20 ýyl töweregi ömri bolan batareýany işläp düzmegi meýilleşdirýär. Korporasiýanyň wekilleri awtoulag batareýalarynyň takyk aýratynlyklaryny aýan etmediler. Kompaniýada diňe elektrik awtoulag öndürijileriniň islegine baglylykda önümçiligi artdyrjakdygyny aýtdylar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir