Ady rowaýata öwrülen amerikaly boksçy we 81 kg çenli agram derejesinde 1960-njy ýylyň Olimpiýa çempiony Mohamed Ali WWE-niň (World Wrestling Entertainment) Şöhrat zalyna giriziler. Bu barada guramanyň ýolbaşçylygy resmi taýdan habar berdi diýip, championat.com belleýär. Mohammed Ali köp hünärmenler tarapyndan ähli döwrüň iň gowy boksçysy hasaplanýar. Ol 1960-njy ýyldan 1981-nji ýyl aralygynda agyr agramda professional derejede çykyş etdi. Bu döwürde ol iki gezek agyr diwizionda absolýut dünýä çempiony bolmagy başardy – ilki 1964-nji ýylda we 1966-njy ýyla çenli hem-de 1974-nji ýylda we 1978-nji ýyla çenli bu ady saklady. Şeýle-de, Ali Jorj Forman, Sonni Liston, Jo Freýzer, Ken Norton, Jimmi Ýang, Floýd Patterson ýaly birnäçe ady belli boksçylardan üstün çykmagy başardy. Aliniň şahsyýeti we obrazy “Rokki” filmindäki personaž Apollo Krid üçin-de prototip bolup hyzmat etdi.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir