13-nji marta geçilen gije (Aşgabat wagty bilen) UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň "Barselona" bilen "Napoliniň", şeýle-de "Arsenal" bilen "Portunyň" arasynda jogap oýunlary geçirildi. Ispaniýanyň "Barselonasy" bilen Italiýanyň "Napolisiniň" arasyndaky birinji oýun 1:1 hasabynda tamamlanypdy. Jogap duşuşygynda Kataloniýa topary 20 ýaşly Fermin Lopesiň (15-nji minut) we Žoau Kanselunyň (17) gollary netijesinde derrew artykmaçlyk gazandy. "Napoli" 30-njy minutda Amir Rrahmaniniň goly bilen oýny gyzyklandyryp başlady. Bu gapma-garşylykda nokady 83-nji minutda Robert Lewandowskiý goýdy. Netijede, "Barselona" 3:1 hasabynda ýeňiş gazandy (iki oýnuň jemi boýunça 4:2). Kataloniýa topary 2019-20 möwsüminden bäri ilkinji gezek ýaryşyň dörtden bir finalyna çykýar. Beýleki bir oýunda Londonyň "Arsenaly" Emireýts stadionynda "Portuny" kabul etdi. "Arsenal" Portugaliýada geçirilen birinji oýunda 0:1 hasabynda utulypdy. Jogap oýnunyň esasy wagty bolsa "Arsenalyň" peýdasyna 1:0 hasabynda tamamlandy. Onuň düzüminde 41-nji minutda Leandro Trossar tapawutlandy. Goşmaça wagt ýeňijini ýüze çykaryp bilmedi, şonuň üçin indiki tapgyra gatnaşyjy oýundan soňky penalti tapgyrynda kesgitlendi. Bu ýerde "Arsenalyň" oýunçylary has takyk hereket etdi - 4:2. "Arsenal" 2010-njy ýyldan bäri ilkinji gezek Çempionlar ligasynyň dörtden bir finalyna çykýar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir