AFK-nyň Çempionlar ligasynyň dörtden bir finalynyň jogap oýnunda Er-Riýaddan "Al-Hilýal" futbol kluby Jiddadan "Al-Ittihady" (ikisi-de Saud Arabystany) 2:0 hasabynda utdy. Ýeňiş "Al-Hilýala" yzygider 28-nji oýny utmak bilen, ýeňişli tapgyrynyň dowamlylygy boýunça täze dünýä rekordyny goýmaga mümkinçilik berdi. Belläp geçsek, "Al-Ittihad" esasy ýyldyzlary bolan Karim Benzema bilen Ngolo Kante bolmazdan oýnady. Ýeňijileriň düzüminde birinji goly 61-nji minutda Ýasser al-Şahrani girizdi. Gutarnykly hasaby oýnuň ikinji ýarymyna goşulan bäşinji minutda braziliýaly Malkom goýdy. Toparlaryň arasyndaky birinji duşuşyk hem "Al-Hilýalyň" peýdasyna 2:0 hasabynda tamamlanypdy. Saud Arabystanyndan klub 2016/17 möwsüminde yzygider 27 resmi oýunda ýeňiş gazanan Uelsden "Nýu-Seýntsiň" rekordyny täzeledi. AFK-nyň Çempionlar ligasynyň ýarym finalynda "Al-Hilýal" BAE-den "Al-Aýn" topary bilen oýnar. Bu topar Kriştianu Ronalduly "Al-Nasr" saud klubundan üstün çykypdy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir