Intel Core Ultra seriýaly prosessorlarda we Xe-LPG (ARC) grafikasynda gurlan bazardaky ilkinji ykjam oýun konsoly bolan MSI Claw-yň satuwy başlandy. Bu prosessor hatda köp ýer tutýan AAA oýunlaryny hem rahat oýnamaga mümkinçilik berýär diýip, öndüriji nygtaýar. XeSS tehnologiýasy goldaw bolan Intel çipi şekiliň hiliniň orta sazlamalarynda 1080p ölçegde optimal kadr ýygylygyny üpjün edýär diýip, MSI-de belleýärler. Ulgam iki wentilýatorly, ýylylyk turbalary we kämilleşdirilen howa akymy shemasy bolan Cooler Boost HyperFlow tehnologiýasy bilen sowadylýar. MSI Claw 7 dýuýmlyk Full HD durulykly we 120 Gs täzeleniş tizligi bolan sensorly ekran, 16 GB operatiw ýat (LPDDR5) we 512 GB SSD disk bilen enjamlaşdyrylandyr. Iň soňky nesil simsiz tehnologiýalara: Wi-Fi 7 (BE1750) we Bluetooth 5.4 goldawy yglan edildi. 53 watt-sagat sygymly akkumulýator doly zarýadda 2 sagat ömri üpjün edýär. ABŞ-da täze önümi 700 dollara sargyt edip bolýar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir