Amerikaly bloger we tehnologiýa höwesjeňi Aaron Kristofele reňkli displeýli Evowera Planck Mini «akylly» diş çotgasynda Doom atly meşhur uruşly oýnamak başartdy. Bu barada TechRadar portaly habar berdi. Ol ESP32-C3 çotgasynyň mikrokontrollerine programma üpjünçiliginiň ýörite wersiýasyny göçürip, simsiz Wi-Fi tory arkaly enjamyň programma üpjünçiligini täzelemek funksiýasyndan peýdalandy. Şondan soň Kristofel 1993-nji ýylda çykan wideooýny diş çotgasyna ýükledi. Doom-yň eýýäm ESP32 seriýaly mikrokontrollerlarda işledilendigi sebäpli, bu ädim gaty ýönekeý boldy. Diş çotgasynyň enjamlaryna we datçik maglumatlaryna girip bilendigine garamazdan, bloger Doom-daky gahrymany dolandyrmak üçin simsiz syçanjygy diş çotgasyna birikdirmeli boldy. Kristofel onuň kömegi bilen oýnuň şeýle platformada-da gaty gowy işleýändigini görkezdi. Doom taryhdaky iň meşhur oýunlaryň biridir. Ýöne ol höwesjeňleriň Doom-y islendik elektron enjamynda – mikrotolkunly peçlerde, sowadyjylarda, ot ýygýan enjamlarda we hatda göwreliligi kesgitleýän enjamlarda-da işletmegi başarýandyklary bilen meşhurdyr.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir