Samsung, hiç hili bildiriş bermezden, dürli bazarlarda elýeterli boljak täze Galaxy M15 5G smartfonyny çykardy. Täze önüm 5G goldawyny, kuwwatly batareýany we uzak goldaw döwrüni aldy diýip, Gizmochina habar berýär. Galaxy M15 5G 90Hz täzelenme tizlikli 6,5 dýuýmlyk Super AMOLED displeý we 13 megapikselli kamera üçin suw damjasy gönüşindäki deşikjaý bilen enjamlaşdyryldy. Arka tarapynda üç kamera bar: 50 MP esasy + 50 MP giň burçly + 2 MP makro. Samsung prosessoryň modelini mälim etmeýär, ýöne onuň 2,2 GGs ýygylykly (çak bilen MediaTek Dimensity 6100+) sekiz ýadroly çipdigi mälimdir. Micro GB karty bilen giňeldilip bilinýän 4 GB RAM we 128 GB içerki ýat bilen onuň üsti ýetirilýär. Kuwwaty 6000 mAh bolan batareýa uzak wagtlap özbaşdak işlemäge mümkinçilik berýär we 25 Wt çalt zarýad bermegi goldaýar. Şeýle hem, smartfonda gulaklyklar üçin 3,5 mm-lik deşikjaý we gapdal tarapynda oturdylan barmak yzy skaneri bar. Samsung 4 ýyl Android täzelenmesini we 5 ýyl howpsuzlyk täzelenmesini wada berýär. Galaxy M15 5G Android 14-de işleýär we mawy, gök we çal reňklerde bolar. Täze önümiň bölek satuw bahasy entek yglan edilmedi.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir