Abraýly Women's World Car Of The Year baýragynyň ýeňijisi yglan edildi. Bu ýyl baş baýragy Kia EV9 elektrik krossoweri aldy. 110 km neşiriniň habar bermegine görä, bu model Aston Martin, BMW, Volkswagen we Volvo ýaly bäsdeşlerinden öňe saýlandy. 52 ýurduň 75 žurnalistinden ybarat emin agzalary EV9-nyň dizaýnyna, işleýşine, howpsuzlygyna we daşky gurşawa zyýansyzlygyna ýokary baha berdiler. Mundan başga-da, Kia krossoweri “Ýylyň iň gowy krossoweri” kategoriýasynda iň gowusy diýlip ykrar edildi. Geçen ýyl başga bir Kia awtoulagy - Niro WWCOTY baýragyny alypdy. Beýleki ýeňijiler: Iň oňat sport awtoulagy: Aston Martin DB12 Iň oňat 4WD ulagy: Volkswagen Amarok Iň oňat premium awtoulag: BMW 5-Series Iň oňat maşgala awtoulagy: Volvo EX30 World Car of the Year-yň (WCOTY) netijeleri 27-nji martda yglan ediler, Kia EV9 hem “erkekleriň ulagy” kategoriýasynda ýylyň awtoulagy diýen ada dalaş eder. Jemleýji bölümde awtoulag BYD Seal we Volvo EX30 bilen bäsleşer.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir