Türkmenistanyň wekilleri Dubaý şäherinde (Birleşen Arap Emirlikleri) tamamlanan para-pauerlifting boýunça Dünýä kubogy ugrundaky ýaryşda medallaryň altysyny gazandylar. Para-pauerlifting daýanç-hereket ediş agzalary zelelli adamlar üçin sportuň paralimpiýa görnüşi bolup durýar. Türgen maşklary ýerine ýetiren wagtynda bedeniniň ýokarky böleginiň güýjüni görkezýär. BAE-däki ýaryşa 32 ýurtdan mümkinçiligi çäkli türgenleriň 173-si gatnaşdy. Türgenlerimiziň üstünlikli çykyşlary guwandyryjy bolup, olar 2 altyn, 2 kümüş we 2 bürünç medallary gazandylar. Türkmen para-pauerliftingçilerimiziň Dubaýda geçirilen Dünýä kubogy ugrundaky ýaryşda gazanan üstünligi türgenleri, şol sanda paralimpiýa ugry boýunça hem ussatlary taýýarlamak üçin giň şertleri döretmäge gönükdirilen döwlet syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň netijesidir.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir