10-njy martda Niderlandlaryň Eýndhowen şäherinde dünýäniň medeni dürlüligini görkezýän çäre - Halkara zenanlar gününe bagyşlanan sergi guraldy. Medeniýetiň we sungatyň bu festiwaly dürli ýurtlaryň sergi diwarlyklaryny birleşdirdi. Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasynyň "Mengli Secrets World Fashion" modalar öýi bilen hyzmatdaşlykda gurnan pawilýony aýratyn ýerde ýerleşdirildi. Niderlanlarda esaslandyrylan bu modalar öýi milli türkmen stilinde lybaslary we şaý-sepleri taýýarlamaga ýöriteleşendir. Bu pawilýon türkmen halkynyň medeni mirasynyň, baý mozaikasynyň hem-de döredijilik däpleriniň özboluşly beýan edilmesi boldy. Görkezilen lybaslar toplumy gaýtalanmajak şaý-sepler, özboluşly saz gurallary bilen birlikde bu ýere gelenleriň ünsüni özüne çekdi. Türkmenistanda şu ýylyň "Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy" diýlip atlandyrylmagynyň hormatyna çap edilen neşir önümleri hem sergä gelýänlerde uly gyzyklanma döretdi. Türkmenistanyň ilçisi bu ýere gelenlere milli sergi bölümi bilen tanyşdyrdy we türkmen medeniýetiniň esasy aýratynlyklary barada gürrüň berdi. Şunda Magtymguly Pyragynyň milli medeniýetde eýeleýän ornuna we onuň Gündogaryň ruhy dünýäsine eden täsiri barada giňişleýin durlup geçildi. Ýewropaly modelleriň türkmen lybaslaryny geýip, bu ýere gelenleriň öňünde görkezmekleri çäräniň aýratyn tolgundyryjy wakasy boldy. Görkezilişiň milli sazlar bilen utgaşmagy bu ýere gelenlerde ýakymly täsirleri galdyrdy we hatda olar türkmen milli sazlarynyň astynda tans hem etdiler. Eýndhowendäki "Parktheater" teatry türkmen sazlarynyň ýaňlanan, dürli milletiň adamlarynyň bolsa onuň jadyly mukamynyň astynda birleşen, umumy dil tapan ýeri bolup, medeni alyşmanyň we medeni dürlüligi baýram etmegiň täsirli güýjüni görkezdi diýip, ilçihananyň Metbugat gullugy habar berdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir