Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory J.Gurbangeldiýew we Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň rektory G.Mezilow Awstriýanyň Graz şäherindäki Graz tehniki uniwersitetiniň wekilleri bilen duşuşyk geçirdiler. Duşuşyk Türkmenistanyň wekiliýetiniň Awstriýa Respublikasyna iş saparynyň çäginde guraldy. Bu uniwersitet geljege gönükdirilen ylmyň we tehnologiýanyň gözleg işlerini amala aşyrýan iň gadymy ýokary okuw mekdebi bolup, özboluşly häzirki zaman halkara profiline eýedir. Bu duşuşygyň çäginde türkmen tarapy Graz tehniki uniwersitetiniň işi, düzüm bölekleri, kampuslary bilen tanyşdyryldy. Şeýlelik-de, duşuşygyň barşynda taraplar öz teklipleri we çykyşlary bilen ýüzlendiler we geljekki hyzmatdaşlygynyň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Graz tehniki uniwersitetiniň arasynda özara Düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekmek dabarasy geçirildi. Geçirilen duşuşyk Türkmenistanyň we Awstriýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň halkara ylym-bilim gatnaşyklarynda möhüm orun eýeleýändigine şaýatlyk edýär. Türkmen wekiliýetiniň Awstriýa Respublikasyna iş sapary 13-nji marta çenli dowam eder.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir