Nintendo kompaniýasy “Super Mario Bros. älemine” esaslanýan täze filmiň 2026-njy ýylyň 3-nji aprelinde prokata çykjakdygyny habar berdi. Bu barada ixbt.com belleýär. Filmiň prodýuserleri ýene-de Illumination-yň esaslandyryjysy we baş müdiri Kris Meledandri hem-de Super Mario Bros.-yň döredijisi Sigeru Miýamoto, režissýorlar Aaron Horwat we Maýkl Ýeleniç, ssenariýaçy Metýu Fogel bolar. Film Universal Pictures we Nintendo tarapyndan bilelikde maliýeleşdiriler, onuň dünýädäki prokaty bolsa Universal Pictures kompaniýasy tarapyndan amala aşyrylar. Anons 10-njy martda bellenilýän Mario gününde yglan edildi. Häzirlikçe täze film barada jikme-jik maglumatlar ýok. Nintendo-nyň bellemegine görä, bu gezek Mario dünýäsini hasam giňeltmek, onuň wakasyny has öwüşginli we gyzykly etmek göz öňünde tutulýar. Kris Meledandri: “Men biziň Super Mario Bros.-a gaýdyp gelýändigimizi habar bermäge şat. Tiz wagtdan biz animasiýa girişeris, siz ähli zadyň dogry bolmagy üçin biziň her bir ownuk zada üns berjekdigimize ynamly bolup bilersiňiz” diýip belleýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir