“Kung-fu pandanyň” dördünji bölümi amerikan prokatynda şowly başlap, birinji orundan “Dýuna 2-ni” gysyp çykardy. Film ABŞ-da 58 mln dollar gazandy, beýleki ýurtlary hasaba alanyňda girdeji ýygymy 80 mln dollar boldy diýip, dtf.ru belleýär. ABŞ-da multfilm birinji filmiň döwründen bäri seriýa üçin iň gowy başlangyjy görkezdi – onuň birinjisi 2008-nji ýylda 60 mln dollar ýygnapdy. Şol bir wagtyň özünde, dördünji bölüme öňkülerden has az çykdajy edildi: marketingi hasaba almazdan onuň önümçiligine 150-niň deregine 85 mln dollar sarp edildi. Analitikler şeýle başlangyjy “Kung-fu panda 4” üçin şowly hasap edýärler. Ýöne film girdeji getirip başlamak üçin 200 mln dollardan köp gazanmaly bolar. ABŞ-da “Dýuna 2-niň” girdeji ýygymy ikinji uikendde 44% azaldy – bu blokbaster üçin gowy görkeziji. Ýygym 46 mln dollar boldy, ABŞ-da umumy girdeji ýygymy bolsa 157 mln dollar boldy. Filmiň dowamyna 2021-nji ýylda birbada HBO Max onlaýn kinoteatrynda hem çykarylan birinji bölümden köp ýygnamak üçin on gün gerek boldy. Deni Wilnýowyň filminiň dünýädäki girdeji ýygymy 367 mln dollara ýetdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir