Täze Angliýanyň kenarlarynda 200 ýyldan gowrak wagt bäri Atlantik ummanynda görünmeýän çal kit tapyldy. Täze Angliýanyň Boston akwariumynyň gözlegçileri Massaçusets ştatynyň Nantaket şäheriniň 48 km günortasynda ýeke ýüzüp ýören çal kiti ýokardan surata aldylar diýip, Neaq.org habar berýär. Bu görnüş (Eschrichtiusrobustus) Atlantikde ýok bolup gitdi öýdülýärdi. Iň soňky gezek ýazgy edilen gözegçilik XVIII asyra degişlidir. Çal kit özüniň alabeder çal reňkli bedeni bilen tanalýar, uzynlygy 15 metre, agramy 41 000 kg-a ýetýär. Arka ýüzgüji ýok, ýöne bedeniniň aşaky böleginde tüňňi ýeri bar. Çal kitler Ýuwaş ummanda köp duş gelýär, ýöne olaryň Atlantikde peýda bolmagy garaşylmadyk ýagdaý boldy. Hünärmenler kitiň uzak demirgazyga nädip düşenini bilenoklar, ýöne howanyň üýtgemegi täsirini ýetirendir diýip hasaplanýar. Sebäbi, soňky ýyllarda Atlantik ummany bilen Ýuwaş ummanyny birleşdirýän, Kanadadaky deňiz ýoly bolan Demirgazyk-Günbatar geçelgesi ýygy-ýygydan buzdan boşaýardy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir