Germaniýanyň Geýdelberg şäherindäki täze maglumat merkezi Ýewropada 3D çap edilen iň uly binadyr. Wave House diýlip atlandyrylýan desganyň meýdany 600 inedördül metr. Mundan başga-da, desga diňe rekordy bilen däl, eýsem gurluşykda 3D çap etmegiň estetiki ulanylyşynyň mysalydyr. Wave House SSV we Mense Korte tarapyndan taslamalaşdyryldy we gurluşykçy KrausGruppe üçin Peri 3D Construction kompaniýasy tarapyndan çap edildi. Tolkuny ýada salýan adaty bolmadyk dizaýn maglumat merkezlerine mahsus penjiresizligi we uly açyklygyň bolmazlygyny göz öňünde tutmak bilen, işlenip düzüldi. Taslama gatnaşan COBOD kompaniýasynda: "Içgysgynç çal reňkli gutularyň ýerine, şäheriň landşafty bilen sazlaşyp gidýän, özüne çekiji binany döretmek isledik" – diýip nygtadylar. “Tolkun öýi” çap etmek bary-ýogy 140 sagat dowam etdi. COBOD BOD2 3D printeri sement ýaly garyndyny çykardy we uzynlygy 54 m, ini 11 m we beýikligi 9 m bolan diwarlary emele getirdi. Çap etme tamamlanandan soň onuň üçegi, gapylary we ähli zerur aragatnaşyklary oturdyldy. Içini reňklemek üçin Deutsche Amphibolin-Werke kompaniýasynyň reňkleýji roboty ulanyldy. Gurluşykçy Kraus Gruppe-yň sözlerine görä, 3D çap etmegiň ulanylmagy, adaty gurluşyk usullary bilen deňeşdirilende, CO2-niň zyňyndylaryny ep-esli azaltdy. Robotlaryň we adamlaryň işini öz içine almak bilen, tutuş taslama 2023-nji ýylyň aprelinden oktýabr aýyna çenli aralykda amala aşyryldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir