Maýamide (Florida ştaty) garyşyk başa-baş söweş boýunça UFC 299 ýaryşy geçirildi. Agşamyň esasy wakasynda amerikaly söweşiji Şon O’Melli ekwadorly Marlon Werany emin agzalarynyň biragyzdan karary bilen ýeňip, UFC-niň çempiony titulyny gorady. 29 ýaşly amerikaly urgy tehnikasynda öz başarjaňlygyny görkezip, tutuş söweşiň dowamynda öňdebaryjylygy saklady. Bu ýeňiş O’Melli üçin professional karýerasynda 18-nji boldy, onuň bir ýeňlişi bar. Şeýle-de, bu onuň birinji titul goragy boldy. Ol çempion guşagyny 2023-nji ýylyň awgust aýynda Aljameýn Sterlingi tehniki nokaut bilen ýeňip gazandy. 31 ýaşly Wera karýerasynda dokuzynjy ýeňlişine sezewar boldy. Onuň hasabynda 23 ýeňiş we bir deňme-deňlik bar. Agşamyň ýene bir esasy söweşinde ABŞ-dan Dastin Porýe (29-8) Fransiýadan Benua Sent-Denini (13-1) ikinji raundda nokauta gidirdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir