Pakistanda parlament agzalary täze döwlet Baştutanyny saýlady. Ol Pakistanyň Halk partiýasynyň egindeş başlygy Asif Ali Zardari boldy. 68 ýaşly syýasatçynyň peýdasyna 411 ses berildi. Onuň esasy bäsdeşi, garşydaş partiýanyň dalaşgäri Mahmud Han Açakzaý 181 ses aldy. Ali Zardari ikinji gezek Pakistanyň Prezidenti boldy. Ondan öň ol 2008-nji ýylyň 9-njy sentýabryndan 2013-nji ýylyň 8-nji sentýabryna çenli ýurda ýolbaşçylyk edipdi.z

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir