Hindistanyň Mumbaý şäherinde «Dünýä gözeli» adynyň täze eýesi saýlandy. Iň meşhur gözellik bäsleşikleriniň birinde 24 ýaşly çehiýaly Kristina Pyşkowa ýeňiji boldy. Ol täç ugrunda bäsleşen 112 ýurtdan we sebitden gatnaşyjylaryň arasynda ýeňiji bolmagy başardy. Kristina Pyşkowa uniwersitetde okaýar, birbada iki hünäri – hukuk we işewürlik dolandyryşyny öwrenýär. Mundan başga-da, ol ýaşlygyndan model bolup işleýär. Birnäçe ýyl ozal Tanzaniýada meýletinçi bolup, çagalaryň iňlis dilini öwrenýän mekdebini gurdy. Baýrak gowşurylyş dabarasy 9-njy martda geçirilen hem bolsa, gatnaşyjylar 18-nji fewralda Hindistana ýygnandylar. Olar kimiň finala çykjakdygyny kesgitlemek üçin birnäçe synagdan geçmeli boldular. Zehin bäsleşiginde Tunisiň gözeli Imen Merzi ýeňiji boldy. Modelleriň bäsleşiginde Martinika adasyndan Aksel Rene hemmäni ýeňdi. Sport synagynda horwatiýaly Lusiýa Begiç birinji orny eýeledi. Iň gowy köýnek bäsleşiginde efiopiýaly, ABŞ-ly, hindistanly we çehiýaly gyzlar saýlandylar. Kristina Pyşkowadan başga-da ilkinji 4-lige Trinidad we Tobagonyň wekili Aşe Abrahams, Botswananyň gözeli Lesego Çombo we liwanly Ýasmin Zautoun girdi (ol ikinji ýeri eýeledi we dünýäniň birinji wise-gözeli boldy). Täji 2022-nji ýyldan bäri «Dünýä gözeli» diýen ada eýe bolan polşaly Karolina Belýawska gowşurdy. Ozal Çehiýa «Dünýä gözeli» bäsleşiginde diňe bir gezek ýeňiji bolupdy: 2006-njy ýylda bu ada ýurduň wekili Tatýana Kuharžowa mynasyp bolupdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir