2024-nji ýylyň 11-13-nji marty aralygynda Aşgabat şäherinde Türki Döwletler Guramasynyň Ýaşulular Geňeşiniň 15-nji mejlisi geçiriler. Mejlisi ýokary derejede geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti degişli Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, degişli düzümlere Türki Döwletler Guramasynyň Ýaşulular Geňeşiniň 15-nji mejlisiniň ýokary derejede we guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy. Bellenilişi ýaly, bu resminama Türki Döwletler Guramasy we oňa agza döwletler bilen hoşniýetli goňşuçylyk we özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan köpugurly gatnaşyklary we netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek hem-de hemmetaraplaýyn berkitmek maksady bilen kabul edildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir