"Oskar-2024" baýragynyň gowşurylyş dabarasynda daşary ýurt dilinde iň gowy film "Gyzyklanmalaryň zolagy" boldy. Jonatan Gleýzeriň bu kartinasy Ikinji jahan urşy döwründe Oswensim konslageriniň komendanty Rudolf Hýossyň durmuşy barada gürrüň berýär. Ol adamzat taryhynda iň elhenç ýerleriň birinden bary-ýogy birnäçe metr uzaklykda ýaşamak bilen, özi we ýakynlary üçin arzuwyndaky durmuşy gurmaga çalyşýar. Bu kategoriýada "Gyzyklanmalaryň zolagyndan" başga-da, baýrak üçin "Ajaýyp günler" (Ýaponiýa), "Men kapitan" (Italiýa), "Gar jemgyýeti" (Ispaniýa), "Mugallymçylyk" (Germaniýa) bäsleşdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir