96-njy "Oskar" baýragynyň gowşurylyş dabarasynda "Iň gowy erkek keşbi" kategoriýasynda "Oppengeýmer" filmindäki baş keşbi üçin Killian Mýorfi ýeňiji boldy. Sahnadan ýeňijini geçen ýylky laureat Brendan Freýzer yglan etdi. Bu irlandiýaly aktýoryň aktýorlyk karýerasynda Amerikan kinoakademiýasynyň ilkinji nominasiýasydyr. Öň, häzirki baýrak möwsüminde Killian Mýorfi amerikaly fizik we atom bombasyny dörediji Robert Oppengeýmeriň keşbi üçin Aktýorlar gildiýasynyň iki baýragyna ("Iň gowy erkek keşbi" we "Iň gowy aktýorlar düzümi"), BAFTA we "Altyn globus" baýraklaryna mynasyp boldy. Şeýle-de, "Iň gowy erkek keşbi" kategoriýasynda baýrak üçin şular dalaş etdi: - Pol Jamatti, "Galdyrylanlar"; - Bredli Kuper, "Maestro"; - Kolman Domingo, "Rastin"; - Jeffri Raýt, "Amerikan harsal eseri".

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir