Amerikan kinoakademiýasynyň baýrak gowşurylyş dabarasynda "Betbagt biçäreler" filmindäki keşbi üçin Emma Stoun iň gowy aktrisa hökmünde yglan edildi. Şeýlelikde, 35 ýaşly aktrisa "Oskar" baýragynyň iki gezek laureaty boldy. Ol birinji baýragy 2017-nji ýylda Demýen Şazelliň "La-La Lend" mýuziklindäki baş keşbi üçin aldy. Aktrisanyň hasabynda Amerikan kinoakademiýasynyň baýragy üçin jemi dört nominasiýa bar. "Betbagt biçäreler" filmi şotlandiýaly ýazyjy Alasder Greýiň adybir romanyna esaslanýar. Häzirki baýrak möwsüminde Emma Stoun bu filmdäki keşbi üçin dürli baýraklarda dört nominasiýa eýe boldy we iki ýeňiş gazandy ("Oskardan" daşary) - "Altyn globusda" we BAFTA-da. Şeýle-de, şu ýyl iň gowy zenan keşbi üçin şular dalaşgär görkezildi: - Lili Gladstoun, "Gül Aýynyň ganhorlary"; - Keri Malligan, "Maestro"; - Sandra Hýuller, "Ýykylmagyň anatomiýasy"; - Annet Bening, "Daýana Naýed".

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir