"Oppengeýmer" filmini surata düşüren Kristofer Nolan 96-njy "Oskar" baýragynyň gowşurylyş dabarasynda iň gowy režissýor diýlip yglan edildi. Bu Nolanyň "Oskar" üçin ikinji nominasiýasy we ilkinji ýeňşidir. 2018-nji ýylda Nolan "Dýunkerk" kartinasy üçin bu baýraga dalaş edipdi, ýöne ony "Suwuň formasy" üçin Gilýermo del Toro aldy. Şeýle-de, şu ýyl bu baýrak ugrunda şular bäsleşdi: - Martin Skorseze, "Gül Aýynyň ganhorlary"; - Ýorgos Lantimos, "Garyplar-betbagtlar"; - Jonatan Gleýzer, "Gyzyklanma zolagy"; - Žýustin Trie, "Ýykylmagyň anatomiýasy".

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir