Režissýor Kristofer Nolanyň "Oppengeýmer" biografik filmi Los-Anjelesde geçirilen 96-njy "Oskar" baýragynyň gowşurylyş dabarasynda baş baýraga eýe bolup, Amerikan kinoakademiýasynyň hasaby boýunça ýylyň iň gowy filmi boldy. Kinokartina Ikinji jahan urşy ýyllarynda "Manhetten taslamasy" atly ýadro ýaragyny taýýarlamak boýunça gizlin maksatnamanyň ýolbaşçysy bolan amerikaly fizik-teoretik Robert Oppengeýmeriň biografiýasyny gürrüň berýär. Şeýle-de, bu baýraga bäsdeş bolup şular çykyş etdi: - "Amerikan harsal eseri" (režissýor Kord Jefferson; - "Ýykylmagyň anatomiýasy" (Žýustin Trie); - "Barbi" (Greta Gerwig); - "Galdyrylanlar" (Aleksandr Peýn); - "Gül Aýynyň ganhorlary" (Martin Skorseze); - "Garyplar-betbagtlar" (Ýorgos Lantimos); - "Gyzyklanma zolagy" (Jonatan Gleýzer); - "Geçen ömürler" (Selin Song); - "Maestro" (Bredli Kuper).

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir