Barbi gurjagy ilkinji gezek 1959-njy ýylyň 9-njy martynda Nýu-Ýorkda satuwa çykaryldy. Soňra ol örän uly meşhurlyk gazandy – häzirki wagtda bu oýunjaklar dürli reňklerde, beden şekillerinde we hünärlerde öndürilýär. 1945-nji ýylda Elliot Hendler we aýaly Rut Los-Anjelesde öýleriniň kiçijik goş goýulýan otagyny ýörite enjamlaşdyryp, bu ýerde oýunjak öndürip başladylar. Soňra olara Met diýlip atlandyrylýan maşgala dosty Garold Metson hem goşuldy. Olar bilelikde hyzmatdaşlaryň atlarynyň ilkinji bogunlaryny özünde jemleýän Mattel kompaniýasyny döretdiler. Barbi Rut Hendler tarapyndan döredildi. Ol 1955-nji ýylda uzyn boýy, inçe bili we näzikligi bilen tapawutlanýan gurjak ýasady. Oňa Hendlerleriň gyzy Barbaranyň hormatyna Barbi diýlip at berildi. Gurjaklaryň ilkinji partiýasy Amerikanyň Halkara oýunjak ýarmarkasynda iki görnüşde – gara-ak ýüzülýän geýiminde goňur saçly we sary saçly gurjaklar görnüşinde satyldy. Model görnüşli gurjak dünýä bazarynda örän tiz wagtda meşhurlyk gazandy we köp ýurtda iň köp satylan oýunjak boldy. Ilkinji gurjak çykandan kän wagt geçmänkä, Mattel oýunjak jaýlary, gap-gaçlary, egin-eşikleri we beýleki goşlary öndürip başlady. Soňra Barbiniň Hendlerler jübütiniň ogly Kennetiň adyny göterýän Ken atly dosty peýda boldy. Ýuwaş-ýuwaşdan gurjagyň dostlary, garyndaşlaryny, çagalary we öý haýwanlary döredildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir