«Bawariýanyň» hüjümçisi Garri Keýn Bundesligadaky ilkinji möwsüminde dört het-trik eden ilkinji oýunçy boldy. Bu barada Mirror habar berýär. 9-njy martda Germaniýanyň Bundesligasynyň 25-nji tapgyrynyň oýny geçirildi, onda «Bawariýa» bilen «Maýns» duşuşdy. Ýer eýeleri 8:1 hasabynda ynamly ýeňiş gazandylar. Mýunheniň toparynyň düzüminde angliýaly hüjümçi Garri Keýn het-trik etdi, bu Bundesliganyň şu möwsüminde onuň «Bawariýanyň» düzümindäki dördünji het-trigi boldy. Ondan öň angliýaly hüjümçi Bundesliganyň 7-nji tapgyrynda «Bohum» (7:0), 9-njy tapgyrynda «Darmştadt» (8:0), 10-njy tapgyrynda Dortmundyň «Borussiýasy» (4:0) bilen geçirilen oýunlarda het-trik edipdi. Umuman alanyňda, Garri Keýn Bundesliganyň şu gezekki möwsüminde 25 oýunda 30 pökgi geçirip, ýaryşyň iň köp pökgi geçiren oýunçysy boldy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir