Emeli aň esasynda «biosanly adamlary» işläp düzýän Amerikanyň Soul Machines kompaniýasy Tehasyň Ostin şäherinde geçirilen South by Southwest tehnologiýa maslahatynyň dowamynda «sanly Merilini» tanyşdyrdy. Bu emeli aň arkaly döredilen we ulanyjynyň soraglaryna jogap bermäge ukyply aktrisa Merilin Monronyň sanly meňzeşidir. Bu barada Soul Machines-iň metbugat beýanatynda aýdylýar. «Sanly Merilin» dünýä ýyldyzlarynyň şekillerini ulanmak hukugyna eýe bolan Authentic Brands Group bilen hyzmatdaşlykda işlenip düzüldi. Ol patentlenen Biological AI Soul Machines tehnologiýasyny Merilin Monronyň keşbi bilen birleşdirýär. Ol LLM tehnologiýalaryny, esasanam ChatGPT 3.5 ulanyp, ulanyjylar bilen hakyky wagtda aragatnaşyk saklaýar. «Sanly Merilin» ýyldyzyň mimikasyna we aragatnaşyk usulyna öýkünýär, söhbetdeşiň isleglerine uýgunlaşýar, degişmeler aýdýar we şahsy salamlary berýär. Ýakynda geçirilen synagda Merilin Monronyň AI görnüşi filmdäki iň gowy görýän keşbi – «Jazda diňe gyzlar» filmindäki Darling hakynda gürrüň berdi. Ol bu keşbi kyn, ýöne peýdaly diýip atlandyrdy we «Jentlmenler sary saçly gyzlary halaýarlar» ýaly beýleki komediýalary maslahat berdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir