«Mançester Ýunaýtediň» taryhynda iň köp gol girizen futbolçy Ueýn Runi «Rowaýata öwrülen futbolçy» baýragy bilen sylaglanar. Bu barada baýragyň metbugat gullugy tarapyndan çap edilen habarda mälim edilýär. Guramanyň resmi web sahypasynda aýdylyşy ýaly, Runi 7-nji oktýabrda geçiriljek dabaranyň dowamynda abraýly sanawa resmi taýdan goşular. Dabara Londonda geçiriler. Ýatlatsak, Runi professional karýerasyny tamamlady. Ol 38 ýaşynda we häzirki wagtda tälimçilik işine başlady. Oýunçy döwründe ol 250 gol bilen «Mançester Ýunaýtediň» taryhynda iň köp gol girizen futbolçy boldy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir