Meşhur “Ahyrky nokat” (Final Destination) horror-franşizasynyň dowamy çykar. Bloody Disgusting portalynyň habar bermegine görä, “Gan baglary” atly altynjy filmiň surata düşürilişi mart aýynyň başynda başlandy. Filmiň ilkinji görkezilişini 2025-nji ýylda - franşizanyň 25 ýyllygyna gabatlap guramak meýilleşdirilýär. Taslamanyň režissýorlary “Beýlekiler” filmindäki işleri we “Kim – goşmak bäş” filminiň ekranlaşdyrylmagy bilen tanalýan Zak Lipowskiý we Adam B.Steýndir. Täze filmiň sýužet jikme-jiklikleri häzirlikçe gizlin saklanýar. Diňe öňki bölümlerde bolşy ýaly, “Ahyrky nokat: Gan baglarynda” bir topar elhenç wakalara we düşnüksiz ölümlere duçar boljak ýaşlaryň topary hakda gürrüň beriljekdigini bilýäris. Franşizanyň öňki, bäşinji bölümi 2011-nji ýylda çykypdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir