Nury Halmämmedow adyndaky “Dutaryň sesi” VIII Moskwa Halkara sungat festiwalynyň çäklerinde beýik türkmen şahyry we filosofy Magtymgulynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan “Magtymguly Pyragynyň goşgularyna aýdym-saz eserleri” ady bilen kompozitorlaryň bäsleşigi yglan edildi. Bäsleşik Magtymgulynyň döredijiligi bilen tanyşdyrmak we onuň şahyrana mirasyny ýaýratmak maksady bilen geçirilýär. Bäsleşige ýaş çäklendirmesiz kompozitorlar gatnaşyp bilýär. Bäsleşige Magtymgulynyň goşgularyna esaslanan ses we fortepiano ýa-da instrumental ansambly üçin original eserlere gatnaşmaga rugsat berilýär. Bäsleşigiň ýeňijileri I, II, III derejeli diplomlar hem-de gymmat bahaly sowgatlar we baýraklar bilen sylaglanar. Gatnaşyjylaryň iň gowy işleri nota ýygyndysynda neşir ediler. Bäsleşigiň professional emin agzalarynyň düzümine sungat işgärleri, saz sungatyny öwrenijiler, pedagoglar, şeýle-de Türkmenistanyň we Russiýanyň Suhan Tüýliýew, Daňatar Hydyrow, Jeren Gurbangylyjowa, Mämmet Güseýinow we Kirill Wolkow ýaly belli kompozitorlary girdi. Gatnaşmak üçin arzalar 2024-nji ýylyň 1-nji awgustyna çenli kabul edilýär. Nota materialy elektron salgysy boýunça kabul edilýär: festival.sounds-of-dutar@mail.ru. Eseriň dowamlylygy 8 minutdan geçmeli däl. Bäsleşik barada jikme-jik maglumatlary “Dutaryň sesi” festiwalynyň saýtynda tapyp bilersiňiz: http://dutar-sounds.ru/ru/contests/composers-competition.html

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir