8-nji martda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde Matematika boýunça IV Halkara açyk olimpiadanyň (OMOUS) netijeleri jemlenildi. Oňa 8 döwletden 500-den gowrak talyp, şol sanda, Türkmenistandan 390 talyp we Özbegistandan, Russiýadan, Hytaýdan, Bolgariýadan, Ispaniýadan, Saud Arabystanyndan we Indoneziýadan ýüzden gowrak talyp gatnaşdy diýip, HHM habar berýär. Olimpiada ýekebara we toparlaýyn görnüşde geçirildi. Oňa gözegçilik etmek üçin ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlaryndan eminler topary düzüldi. Olimpiadada türkmen talyplary 191 medal gazanmagy başardylar. Ildeşlerimiz bäsleşigiň ýekebara görnüşinde altyn medallaryň 22-sine, kümüş medallaryň 51-sine, bürünç medallaryň bolsa 104-sine mynasyp boldular. Toparlaýyn tapgyrda olar 2 altyn, 5 kümüş, 7 bürünç medaly eýelediler. Şeýle-de özbegistanly talyplar 57, russiýaly ýaşlar 26, bolgariýaly myhmanlar bolsa 8 medal gazandylar. Ispaniýaly talyba 1 altyn, şeýle-de Hytaýdan, Saud Arabystanyndan, Indoneziýadan gelen talyp wekiliýetleriniň hersine 1 bürünç medal eýelemek başartdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir