Global energetika pudagynda öňdebaryjy hyzmatlary üpjün ediji Petrofac kompaniýasy “Galkynyş” gaz käninde hyzmat bermek üçin “Türkmengaz” döwlet konserni bilen üçýyllyk şertnama baglaşdy. Şertnamanyň bahasy 200 mln dollardan gowrak boldy diýlip, kompaniýanyň saýtynda habar berilýär. Petrofac amallara we tehniki hyzmatlara gözegçilik etmek we goldaw bermek üçin işgärler bilen üpjün eder, şeýle-de tehniki goldawy we satyn alyş boýunça hyzmatlary hödürlär. Kompaniýa käniň 1 we 1A merkezi tehnologik desgalarynyň netijeli işlemegini goldamak üçin dolandyryş ulgamlaryny işläp düzer we ornaşdyrar. Öň, Petrofac “Galkynyşda” satlyk gazy kükürtden arassalamak boýunça toplumy, şeýle-de ýerüsti önümçilik desgalaryny gurmak taslamasyny durmuşa geçirdi. Käni özleşdirmek baradaky şertnama 2009-njy ýylda baglaşyldy we 2013-nji ýylda tamamlandy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir