2024-nji ýylyň 10-njy martynda Günüň ýaşmagy bilen sahawatyň, halallygyň we haýyrly işleriň aýy bolan mukaddes Oraza aýy başlanýar. Türkmenistanda şu ýyl Orazanyň ilkinji güni 11-nji marta, soňky güni bolsa — 9-njy aprele gabat gelýär. Gadyr gijesi aprel aýynyň 5-inden 6-syna geçilýän gijä düşýär. Baýram namazy 10-njy aprelde okalar. Şu salgylardan Oraza aýynda Aşgabat şäheri we beýleki welaýatlar boýunça agyz beklenýän we agyz açylýan wagtlarynyň senenamasyny ýükläp alyp bilersiňiz: Aşgabat şäheri we Ahal welaýaty; Balkan welaýaty; Lebap welaýaty; Mary welaýaty; Daşoguz welaýaty TmCars-yň adyndan ähli musulman doganlarymyza bu mukaddes aýda eden doga dilegleriňiziň, tutjak orazalaryňyzyň kabul bolmagyny arzuw edýäris! Orazalaryňyz kabul bolsun!

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir