“Makdonalds” tiz iýmit restoran ulgamynyň ýapon bölümçesi sosial ulgamlarda kompaniýanyň menýusyndan iň meşhur tagam bolan friniň ysyny berýän atyrlaryň mahabaty bilen poster ýerleşdirdi. Bu barada daily.afisha.ru habar berýär. Mahabat üç görnüşdäki: klassyky, garaly, suwoty we duz ýa-da sarymsak, gara burç we maýonez goşulan yslary barlap görmegi teklip edýär. Görnüşleriň üçüsi-de “Makdonaldsyň” stilindäki flakonlarda hödürlendi. Olar sary “M” harpy bilen gaty kagyz gaplaryna ýerleşdirildi. Bu poster sosial ulgamlary ulanyjylaryň arasynda gyzyklanma döretdi. Olar şeýle atyry haçan we nirede satyn alyp bolýandygy bilen gyzyklanyp başladylar. Netijede, bu poster, takmynan, 15 mln gezek görüldi we 26 müň gezek paýlaşyldy. Ýöne posterde kiçijik şrift bilen önümiň “illýustrasiýadygy” görkezilýär. Hakykatda bolsa, friniň ysyny berýän atyrlar öndürilmeýär we satylmaýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir