Türkiýe türkmen gazyny Ýewropa getirmegiň täze ýollaryny gözleýär. Bu barada Hürriyet Daily News neşiri habar berýär. Stambulda geçirilen Energetika we klimat forumynda Türkiýäniň energetika we tebigy baýlyklar ministri Alparslan Baýraktar Ankaranyň üç ýoly gözden geçirýändigini aýtdy. “Olaryň biri türkmen gazynyň swop arkaly Eýranyň üsti bilen Türkiýä geçirilmeginden ybarat. Beýleki bir ýol onuň Eýranyň we Azerbaýjanyň üsti bilen alyş-çalyş arkaly Türkiýä gelmegini göz öňünde tutýar. Alternatiwa hökmünde türkmen gazy Türkiýä has berk, has durnukly we geçiriş ukyby ýokary bolan, Hazar deňzinden geçýän turbogeçirijiler arkaly iberilip bilnerdi” diýip, ministr belledi. Onuň belleýşi ýaly, üpjünçiligiň başlangyç mukdary 2 mlrd kub metre çenli bolup biler. Ugurdaşlykda Türkiýe bilen Russiýa Stambulda gaz merkezini döretmegi meýilleşdirýär. Ministr “Stambulyň maliýe merkezi üçin, ilkinji nobatda, “Gazprom” bilen gaz söwda meýdançasynyň üstünde işlenilýändigini” ýatlap geçdi. “Biz bu meýdançany gysga möhletde ulanylyşa girizip bileris diýip pikir edýäris” diýip, ol belledi. Ýatlap geçsek, mart aýynyň başynda Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Antalýa saparynyň dowamynda Prezident Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşygyň netijesinde Türkmenistan bilen Türkiýe gaz ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama we uglewodorod serişdeleri babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça meýiller hakynda Jarnama gol çekdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir