ChatGPT-ni dörediji, OpenAI-yň baş müdiri Sem Altman kompaniýanyň müdirler geňeşiniň düzümine gaýdyp gelýär. Bu barada kompaniýanyň Metbugat gullugy habar berdi. Altmanyň müdirler geňeşine gaýdyp gelmegi baradaky karar WilmerHale hukuk firmasy tarapyndan geçirilen barlaglaryň netijesinde kabul edildi. WilmerHale-yň maglumatlaryna görä, Altmanyň müdirler geňeşinden aýrylmagy müdirler geňeşiniň öňki düzümi bilen baş müdiriň arasyndaky gatnaşyklaryň bozulmagy we ynamyň ýitmegi netijesinde bolup geçdi. Gözlegler munuň dogrudygyny görkezse-de, bu sebäpli işden aýyrmagyň hökmany bolmandygy bellenildi. Ýatlap geçsek, 2023-nji ýylyň 17-nji noýabrynda OpenAI-yň müdirler geňeşi Sem Altmany geňeş bilen gatnaşykda “aç-açan bolmandygy” sebäpli işden aýyrmak kararyna geldi. Anyk sebäp görkezilmedi. Altman işden gideninden iki hepde soň baş müdir wezipesine gaýdyp geldi, ýöne müdirler geňeşiniň düzümine girmedi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir