ABŞ-nyň kollejlerine girmek üçin tabşyrylýan SAT giriş synagyny (Scholastic Assessment Test) 2024-nji ýylda onlaýn görnüşde tabşyryp bolar. 98 ýylyň dowamynda synag däp bolan kagyz görnüşinde geçirilýärdi. SAT synagyny geçirmäge jogap berýän gurama bolan CollegeBoard-yň saýtynda habar berlişi ýaly, test tabşyrmagyň onlaýn usuly hem edil şolar ýaly takyklyga eýedir, myndan başga-da, ol testi tabşyrmagyň dowamlylygyny üç sagatdan 2 sagada çenli gysgaltmaga mümkinçilik berer. Şeýle hem akademiki okuw bölüminde tekst parçalarynyň möçberi azaldylar. Täze format üçin guramaçylar Bluebook maksatnamasyny işläp düzdüler. Şunda, prosedura üýtgeşmeler girizildi. Indi synag tabşyrylanda sanly gurallar ulanylar, mysal üçin, grafiki kalkulýator. 2023-nji ýylda SAT-yň onlaýn görnüşiniň tejribe-synagy bu görnüşiň talyplarda dartgynlylygy peseldýändigini, olara ýumuşlarda has köp ünsüni jemlemäge mümkinçilik berýändigini we göçürmek mümkinçiligini azaldýandygyny görkezdi. Dalaşgärler SAT synagyny şahsy ýa-da okuw enjamlarynda (noutbuklarda ýa-da planşetlerde) tabşyrarlar. Synag öňküsi ýaly mekdeplerde ýa-da synag merkezlerinde geçiriler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir