Nepalyň hökümeti halas ediş işlerini ýeňilleşdirmek üçin Ewereste çykylanda alpinistlere çip dakynmagyny hökmany diýip belledi. Bu barada ýurduň syýahatçylyk departamentiniň müdiri Rakeş Gurunga salgylanyp, TASS habar berýär. “Bu çipler halas ediş işlerini ýeňilleşdirmäge kömek eder. Olar öň Nepalyň dürli agentlikleri tarapyndan ulanyldy, ýöne olaryň dakylmagy hökmany däldi, şu möwsümden başlap (aprel aýynda başlar – TASS) bu düzgün Ewerest dagyna çykmak üçin hökmany bolýar” – diýip, Gurung belledi. Onuň aýtmagyna görä, hökümet eýýäm bu düzgüni Nepalyň beýleki depeleri üçin hem ýaýratmagy meýilleşdirýär, sebäbi “hadysalar diňe bir Ewerestde bolmaýar”. Häkimiýetler çipleriň halas ediş işlerini has netijeli we arzan etmegine bil baglaýarlar. Gurung çibiň haýsy görnüşiniň ulanyljakdygyny aýtmady, ýerli HBS-iň maglumatlaryna görä, bular transmitter signalyny kabul edip, ony çeşmä gaýtaryp bermäge ukyply ýönekeý çipler bolup biler. Şeýle detektoryň hereket radiusy, takmynan, 200 m barabar. Olaryň agramy birnäçe gram bolup, egin-eşige ýa-da esbaplara berkidilip bilner. Olaryň bahasy 10-15 dollar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir