Hindistanda emeli aňyň esasynda ilkinji robot-mugallym ýurduň günortasyndaky Keral ştatynyň bir mekdebinde peýda boldy. Bu barada TASS habar berýär. Robot Iris adyny aldy. Oňa açyk reňkli saride hakyky mugallymyň keşbi berildi. Synp otagynyň içinde robot oturdylan tekerleriň kömegi bilen hereket edýär, okuwçylar bilen tanyşanda salamlaşmak üçin olara elini uzadýar. Iris Triwandram şäheriniň Ýokary orta mekdebinde işe başlady. Ol dürli dersler boýunça dürli derejeli soraglara jogap berip bilýär. “Iris-iň kömegi bilen biz hakyky şahsylaşdyrylan okuwy döretmek üçin emeli aňyň mümkinçiliklerini ulanmak arkaly bilimde rewolýusiýa geçirmegi maksat edinýäris” – diýip, işläp düzüjiler belleýär. Synçylaryň pikiriçe, ýakyn ýyllarda robot-mugallymlaryň ulanylyş gerimini çaklamak heniz kyn, ýöne Iris tejribesi, gürrüňsiz, geljekki bilim barada düşünje berýär we bu ýerde emeli aň kömekçi roluny ýerine ýetirer.

Bilim, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir