Şweýsariýada Sýurihiň Ýokary tehniki mekdebiniň (ETH Zurich) alymlary peýnir önümçiliginden goşmaça alynýan önüm bolan kesilen süýdi ulanyp, elektron galyndylaryndan altyn çykarmagyň adaty bolmadyk usulyny oýlap tapdylar diýip onlinelibrary.wiley.com ýazýar. Elektron platalaryň metal bölekleri kislota hammamynda eräp, metallary ionlara bölýär, şondan soň altynyň adsorbsiýasy bolup geçýär – kesilen süýtden alnan belok süýümli gubka ergine salynýar we şol ýerde altynyň ionlary oňa ýapyşýar. Gubka gyzýar, ionlary patraga öwürýär, soň bolsa sap tebigy altyn bölegine öwürmek üçin eredilýär. Advanced Materials-da neşir edilen gözlegiň awtorlarynyň biri Raffaele Mesenga: “Iň göwnüme ýaraýan zat elektron galyndylaryndan altyn almak üçin azyk senagatynyň goşmaça alynýan önümini ulanýarys" -diýdi. Bu usul çig mal satyn almak üçin çykdajylary we tutuş proses üçin energiýa çykdajylaryny göz öňünde tutsak, adaty usullardan 50 esse arzan düşýär. Mundan başga-da, täze usulda parnik gazlary az çykýar. Elektron galyndylardan 1g altyny çykarmak üçin yzygiderli işjeňleşdirilen kömrüň ulanylmagy, takmynan, 116g kömürturşy gazyny öndürýär. Belok gubkasynyň uglerod yzy, takmynan, 87g parnik gazyndan ybarat. Mundan başga-da, hünärmenler kesilen süýdüň ýerine ösümlik esasly beloklary ulanmagyň mümkinçiligini öwrenýärler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir