Instagram ulanyjylary indi iberilenden soň 15 minutyň içinde şahsy habarlaryndaky ýalňyşlyklary düzedip bilýärler. Bu funksiýa Instagram-a eýeçilik edýän Meta kompaniýasy tarapyndan anons edildi diýip, gagadget.com habar berýär. Öň, eger ulanyjy öz habaryny üýtgetmek islese, ony bozup, täzeden ibermeli bolýardy. Indi redaktirleme menýusynyň çykmagy üçin habaryň üstüne basyp saklamak ýeterlikdir. Ýöne çatda habaryň redaktirlenendigi görkeziler. Mundan başga-da, Instagram şahsy habarlarda aragatnaşygy has gowulandyrmak üçin okalandygy baradaky duýduryşy ýakmak ýa-da öçürmek, çatlary berkitmek hem-de stikerler, GIF faýllar, wideo, foto we ses habarlary bilen jogap bermek ýaly funksiýalary goşdy. Instagram çatlarynda redaktirleme funksiýasy Meta tarapyndan Messenger üçin ulanylandan birnäçe aý soň peýda boldy. Meta degişli bolan bu iki programmanyň arasynda birnäçe umumy funksiýalar bar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir