Toyota dolandyryşyň ýitirilmegine sebäp bolup biljek yzky okunyň döwülmek töwekgelçiliginiň barlygy sebäpli, 2022-2023 model ýylynyň Tacoma pikaplarynyň 381 199 sanysyny yzyna çagyrýar. Carscoops-yň habaryna görä, bu model dürli gözlegleriň netijelerine görä, iň ygtybarlylaryň biri hökmünde ykrar edilipdi. Mesele kebşirleýjiniň syçrantgylary stopor nurbatynyň üstki ýüzüne düşen bolmagynyň ähtimaldygydyr. Bu berkidijileriň gowşamagyna we ýarym okunyň jaýyndan çykmagyna sebäp bolup biler. Üpjün ediji Hino Motors Manufacturing USA-iň kebşirleýjiniň syçrantgylaryndan goragy dogry gurnamandygy ýüze çykaryldy. Bu ulaglaryň sürüjileri titremäni duýup ýa-da ulagyň yzky böleginden adaty bolmadyk sesleri eşidip bilerler. Şeýle hem, diferensialdan ýagyň syzmagy bolup biler. Eger ýarym oky çyksa, bu awtoulagyň durnuklylygyna we tormoz işine täsir eder heläkçiligiň ýüze çykmagyna sebäp bolup biler. Yza çagyryş 2022-nji ýylyň 2-nji maýyndan 2023-nji ýylyň 21-nji noýabry aralygynda ýygnalan Tacomalaryň hemmesine degişlidir, sebäbi Toyota bu näsazlyklaryň haýsy ulaglara täsirini ýetirjegini takyk anyklap bilmedi.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir