Apple kompaniýasy M3 çibi bilen 13 we 15 dýuýmlyk MacBook Air noutbuklaryny hödürledi. Bu barada kompaniýanyň saýtyndan resmi materiallara salgylanyp, MacRumors neşiri ýazýar. Kompaniýa täze MacBook Air noutbuklarynyň M1 çipli model bilen deňeşdirilende, 60% tizdigini belleýär. Şeýle-de, täze noutbuklar MacBook Air-iň Intel-e esaslanýan iň gymmat modifikasiýasyndan, takmynan, 13 esse kuwwatlydyr. M3 çibinden başga-da, täze MacBook Air Wi-Fi 6E, Voice Isolation we Wide Spectrum, audio we wideo jaňlarynda ýokary ses aýdyňlygyny hödürleýär. Ol indi noutbugyň gapagy ýapylanda iki sany daşarky displeýi hem goldaýar. Täze MacBook Air üçin deslapky sargytlar eýýäm açyk, bölekleýin satuwda bolsa täze önümler 8-nji martda peýda bolar. Noutbuklar 1099 dollar başlangyç baha bilen Midnight, Starlight, Space Grey we Silver reňklerinde elýeterli bolar. Apple kompaniýasy ilkinji 15 dýuýmlyk MacBook Air noutbugyny 2023-nji ýylda hödürledi.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir