ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy ABŞ-da magistr derejesini almak isleýän daşary ýurtly talyplar üçin talyp hakly Fulbraýt Maksatnamasyna (Fulbright) ýazylyşygyň başlanandygyny habar berdi. Arzalar onlaýn kabul edilýär diýip, diplomatik wekilhananyň saýtynda habar berilýär. Talyp hakly Maksatnama Türkmenistandan zehinli ýaş hünärmenlere 2025-nji ýylyň awgust aýyndan başlap, ABŞ-nyň uniwersitetleriniň birinde magistr derejesini almaga mümkinçilik berýär. Maksatnamanyň dowamlylygy 1 ýyldan 2 ýyla çenli. Arzalar lukmançylyk, weterinariýa ylymlary, şeýle hem näsag bilen gönüden-göni galtaşmany talap edýän beýleki hünärlerden galan ugurlaryň ählisi boýunça kabul edilýär. Maliýeleşdirme okuw tölegini, okuw gollanmalaryny, awiauçuşlary, ýaşaýyş we lukmançylyk ätiýaçlandyrmasy üçin talyp hakyny öz içine alýar. Zerur resminamalaryň sanawy we beýleki maglumatlar bilen şu salgydan tanşyp bilersiňiz. Arzalar şu saýtda 2024-nji ýylyň 2-nji iýunyna çenli kabul edilýär.

Bilim, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir