Amerikan wideo-kartlary işläp düzüjisi NVIDIA bazar bahasynyň derejesi boýunça Saud Arabystanynyň Saudi Aramco döwlet kompaniýasyndan öňe geçip, üçünji orny eýeledi. Bu Nýu-Ýorkyň fond biržasyndaky söwdanyň (NYSE) we Companiesmarketcap portalynyň maglumatlaryndan geçip çykýar diýip, RBK habar berýär. 6-njy martda NVIDIA-nyň bazar bahasy 2,15 trln dollar boldy, bir ýylda bolsa 264% ýokarlandy. Paýnamalar 859 dollar derejesinde satyldy. Saudi Aramco-nyň bazar bahasy 2,04 trln dollar boldy. Bir ýylda ösüş bary-ýogy 7,35% boldy. Bir paýnamanyň bahasy 8,32 dollara barabar. Häzirki wagtda ilkinji iki orny 2,99 trln dollar bilen Microsoft we 2,63 trln dollar bilen Apple eýeleýär. Dördünji çärýekde NVIDIA rekord möçberde 22,1 mlrd dollar gazandy. Bu görkeziji 2023-nji ýylyň üçünji çärýegi bilen deňeşdirilende 22% we bir ýyl ozalkydan 265% ýokary boldy. Tutuş geçen ýyl üçin girdeji hem 126% ýokarlanyp we 60,9 mlrd dollara ýetip, rekord derejeli boldy.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir