Professorlar Mustafa Akbulut bilen Luis Sisneros-Zewalýos sinklenen polat üçin täze örtük döretdiler. Bu örtük azyk önümleriniň howpsuzlygyny ep-esli gowulandyrar, azyklaryň hapalanmagy bilen baglanyşykly keselleriň döremeginiň töwekgelçiligini kemeldip, iýmit zaýaçylygyny azaldyp biler diýip, News Medical habar berýär. Sinklenen polat – bu iýmit saklanýan konteýnerlerde giňden ulanylýan material, ýöne onuň kemçilikleri bar: poslaýar we bakteriýalaryň döremegine sezewar bolýar. Täze örtük bu meseleleriň ikisini hem çözýär. Ol bakteriýalaryň iýmitiň ýüzüne ýapyşmagyna ýol bermän, özünden itekleýär, bu bolsa önümleriň saklanyş möhletini uzaldýar, şeýle-de, sinklenen poladyň poslamagyny 70% azaldyp, konteýnerleri has çydamly edýär. Örtük “supergidrofob” we “hapa garşy” häsiýetlere eýedir, ýagny ol suwy özünden itekleýär we üstki gatlakda kömelekleriň, bakteriýalaryň we hatda, hapanyň döremeginiň hem öňüni alýar. Sisneros-Zewalýos: "Bu çözgüdiň senagat tarapyndan kabul edilmegini isleýäris" -diýdi. Journal of Food Engineering žurnalynda çap edilen bu gözleg azyk senagaty üçin uly ähmiýete eýedir. Örtük eýýäm bar bolan gaplar üçinem ulanylyp bilner, bu bolsa ony elýeterli we amaly çözgüde öwürýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir