MWC 2024 sergisinde Avenir Telecom we Energizer tarapyndan işlenip düzülen Hard Case P28K smartfony hödürlendi. Ol adaty ulanylanda 7 güne çenli awtonomlygy üpjün edýän 28 000 mAs kuwwatly rekord batareýa bilen üpjün edildi diýip, Onliner portaly ýazýar. Gepleşik režiminde Hard Case P28K 122 sagada çenli, garaşma režiminde 2252 sagada çenli işläp bilýär. Galan ýagdaýlarda smartfonyň aýratynlyklary o diýen üýtgeşik däl: MediaTek MT6789 prosessory, 8 GB operatiw ýat, 256 GB içerki ýat, üç esasy kamera, 6,78 dýuým displeý (1080p) we IP69 goragy. Gurluşyň galyňlygy we agramy 27,8 mm we 570 g barabar. Smartfonyň bahasy 250 dollar. Ol 2024-nji ýylyň oktýabr aýynda satuwa çykarylar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir