NASA-nyň “Terra” hemrasy Meksika aýlagynyň üstündäki bulutlarda syrly tegelek deşikleri bellige aldy. Gädikleri ýada salýan bu emele gelmeler eýýäm birnäçe wagtdan bäri adamlary biynjalyk etmek bilen, adatdan daşary hadysalar baradaky teoriýa sebäp boldy. Emma, anyklanylyşy ýaly, olary uçarlar döredýär eken diýip, Daily Mail ýazýar. Şeýle “deşikler” ilkinji gezek 1940-njy ýyllarda göründi. Olar 2100 – 5500 metr belentlikde topbak-topbak bulutlarda emele gelýär. Şeýle belentlikde bulutlaryň temperaturasy, takmynan, -15 gradusa çenli peselýär, ýöne olardaky suw damjalary doňmaýar. Bu şeýle belentlikde howada buz kristallarynyň döremegi üçin gerek bolan tozan we tozgajyk ýaly ownujak bölekleriň az bolmagy bilen baglanyşyklydyr. Muňa garamazdan, haçan-da howa uçarlaryň ganatlarynyň ýa-da perleriniň ýanynda hereket edende, daş-töwerekdäki suw bugy hasam sowaýar. Netijede, suw damjalary doňýar. Doňan bölejikler hem aşak gaçyp başlap, şeýle “deşikleri” emele getirýärler. NASA tarapyndan düşürilen suratda Maýaminiň halkara howa menzilinden uçan uçarlar tarapyndan döredilen “deşikler” şekillendirilendir. Kawum we kanal bulutlary (alymlar olary şeýle atlandyrýarlar) tebigy ýagdaýda hem emele gelip biler, ýöne bu seýrek bolýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir