Amerikanyň VMware kompaniýasynyň alymlary Star Trek älemindäki gahrymanlaryň keşbinde ýüzlenilende, emeli aňly çat-botlaryň matematikada has gowy netijeleri görkezýändiklerini anykladylar. Emeli aň modelleri grammatiki taýdan dogry we göräýmäge, baglanyşykly jogaplary öndürmekde ökde bolsa-da, takyk ylymlardaky mümkinçilikleri çäklidir. Olar iň ähtimal jogaby teklip etmek üçin statistiki seljermelere bil baglaýarlar, ýöne hemişe pikir ýöredip, ýeke-täk dogry çözgüde gelip bilmeýärler. ArXiv-de neşir edilen täze gözlegler, "ownuk talaplary üýtgetmegiň" öndürijiligi ep-esli gowulaşdyryp biljekdigini görkezýär. Öňki işler "uludan dem al we ädimme-ädim işle" ýaly emeli aňa "kömegiň" takyklygy ýokarlandyryp biljekdigini eýýäm görkezdi. Täze gözleg ýene bir açyş etdi: Star Trek kontekstinde soraglary düzmek nähilidir bir ýol bilen has gowy netijeleri berýär. Gözlegçiler orta mekdebiň matematika boýunça meseleleriniň standart toplumyny ulanyp we kesgitlemeleri synag edip, üç sany emeli aň (AI) guralyny synagdan geçirdiler. Iň takyk jogaplar Star Trek we “Kapitanyň gündeligi, ýyldyz senesi ...” jümlesi agzalanda başlandy. Star Trek bilen AI-niň kämilleşdirilen matematiki görkezijileriniň arasyndaky baglanyşyk gözlegçiler üçin syr bolup galýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir